Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugy milli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Sungat öwreniş» atly täze okuw kitabyny çap etdi. Bilim ministrliginiň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, neşiriň awtorlary A.Baýlyýewa we A.Kadyrowadyr. ​Okuw kitaby sungat teoriýasynyň esasy meselelerini, şekillendiriş sungatynyň görnüşlerini we žanrlaryny, çeper beýan ediş serişdelerini hem-de sungatyň jemgyýet bilen özara gatnaşygyny öz içine alýar. ​Sungat eserlerini seljermekde häzirki zaman ylmy çemeleşmelerine we talyplaryň gözleg, barlag endiklerini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir