Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada DIM-iň resmi saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejede dowam edýändigini bellediler. ÝTÖB-niň «ýaşyl» energetikanyň, sebitara özara baglanyşygyň ösdürilmegini we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny işjeň goldaýan Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak ugruny goldaýandygy nygtaldy. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek ÝTÖB-niň ilkinji derejeli ugurlarynyň biridir. Taraplar ulag-logistika düzümini ösdürmek we sebit ulag geçelgelerini, hususan-da halkara Hazarüsti geçelgesini ilerletmäge ýardam bermek boýunça geljegi uly bolan taslamalara seredip geçdiler. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurduň ykdysady özgertmeleri yzygiderli geçirmäge hem-de öňdebaryjy halkara tejribesini we maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunda ozal bellenilen milli we sebit maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam berendigi üçin ÝTÖB-ne minnetdarlyk bildirildi. Öz gezeginde Odil Reno-Basso Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine ýokary baha berdi we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň netijeli gepleşikleri mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga, şeýle hem täze institusional hem-de düzümleýin taslamalara gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň soňunda taraplar işjeň özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri kesgitlemäge özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir