Birleşen Ştatlaryň Prezidenti Donald Tramp basym Marokko baryp, öz hormatyna atlandyrylan Sahara çölüni kesýän täze gara ýoldan ulagly geçmekçidigini habar berdi. Bu barada Ak tamyň başlygy «Truth Social» torundaky sahypasynda ýazdy. Trampyň sözlerine görä, ol tiz wagtda bu beýik gara ýoly başyndan tä soňuna çenli ulagly geçmek isleýär. Öz habarynyň astynda Tramp wideo ýerleşdirdi, onda «Patyşa Mohammad VI öňdengörüjiliginiň we Prezident Donald Trampyň taryhy edermenliginiň arkasyndan marokko Saharasy täze parahatçylyk we gülläp ösüş eýýamyna gadam basdy. Tiznit-Dahla gara ýoly bolsa, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň nusgasydyr» diýip ýazdy. Täze gara ýoluň yzynlygy 1055 kilometr bolup, onuň gurluşygyna takmynan 1 milliard amerikan dollary sarp edildi. Marokkonyň Hökümeti heniz gara ýoluň amerikan Prezidentiniň adyny göterýändigini resmi taýdan tassyklamady diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir