Gazagystanyň sebitleriniň birgideninde dowam edýän yssy we gurak howa üstümizdäki oba hojalyk möwsüminde däne ekinleriniň hasylyna ýaramaz täsir edip biler. Bu barada Respublikanyň Däne bileleşigine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Bileleşigiň seljeriş bölüminiň ýolbaşçysy Ýewgeniý Karabanowyň «Telegram» ýaýlymynda habar berşi ýaly, häzirki wagtda däne hasyly barada çaklama aýdyp bolmaz. «Deslapdan bir zat diýmek kyn. Irki ekişler ejir çekdi, ýöne şu hepdede ýagyş bolar diýip garaşýarys. Belki, beýleki ekişlere ýardam bolar» diýip, Karabanow aýtdy. Onuň sözlerine görä, geçen hepdede ýurduň demirgazyk we gündogar sebitleriniň birgideninde şemal gatyşykly ýagyn ýagdy. Gazagystanyň bu sebitlerinde häzir ýetişen däne hasylyny ýygnamak işi dowam edýär. Demirgazyk sebitlerde irki arpa we kösükli ekinleriň hasylyny ýygnamaga girişildi. Gazagystan geçen 2025-nji ýylda däneli ekinleriň hasylyny 2 göterim – 27 million tonna çenli artdyrdy, hasyllylyk gektardan 17 sentnere deň boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir