Beýik Britaniýada funt millionerleriniň sany 2008-nji ýyldaky ählumumy maliýe çökgünliginden bäri iň pes derejä düşdi. Bu ugurda degişli barlaglary geçiren Adam Smit institutyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. Barlaglaryň maglumatlaryna laýyklykda, ýurtda häzir 442 müň funt millionerleri bolup, bu 2024-nji ýyldakydan 7 göterim azdyr. Hünärmenler ýagdaýy göterim stawkalarynyň ýokarlandyrylmagy, ýurduň ykdysadyýetinde ynamlylygyň gowşakdygy, süýşürintgileriň pes derejesi we baý adamlaryň Britaniýada galmak ýa-da göçüp gelmek isleginiň ýokdugy bilen düşündirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir