Ýakynda Daşkentde sambo ýyldyzlarynyň arasynda dünýä çempionatyndan hem-de söweşjeň we sport sambosy boýunça Aziýanyň açyk birinjiligine geçirilen ýaryşlaryndan türkmen sportsmenleri jemi 29 medal almagy başardylar. Sambo ýyldyzlarynyň arasyndaky dünýä birinjiliginde türkmen topary 3 sany altyn, 1 kümüş we 3 sany bürünç medallary aldy. Söweşjeň we sport sambosy boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda bolsa türkmen topary 6 sany altyn, 3 sany kümüş we 13 bürünç medaly almagy başardy. Daşkentde geçirilen ýaryşlara 18 ýurduň wekilleri gatnaşdylar.

Köneler, Bagyr tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir