Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sany çykdy. Žurnalyň täze sanynda türkmen taryhyna, türkmen we daşary ýurt dillerine hem-de edebiýatyna, filologiýanyň, tebigy we takyk ylymlaryň möhüm meselelerine, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okatmagyň usulyýetini döwrebap kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-nazary, ylmy-amaly hem-de ylmy-usuly makalalar ýerleşdirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly ylmy-barlag işlerini işjeňleşdirmek we önümçilige ornaşdyrmak, häzirki zaman ylmynyň ýeten sepgitlerini we ylmy barlaglaryň netijelerini jemgyýetçilige ýetirmek, internet ulgamy arkaly giňden wagyz etmek hem-de elektron görnüşinde ýaýbaňlandyrmak maksady bilen döredildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirdi. Elektron žurnalyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çärýekde bir, ýylda dört gezek neşiri goýberilýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir