Hytaý optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlary arkaly maglumatlary geçirmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Synaglaryň dowamynda inženerler aralyk optiki güýçlendirijileri (retranslýatorlary) ulanmazdan, 206,5 kilometr uzynlykdaky optiki süýümli geçirijide maglumatlary jemi 51,3 Tbit/s tizlik bilen geçirmegi başardylar. Bu barada hi-tech.mail.ru saýty habar berýär. Taslama Hytaýyň milli optiki süýümli kabelleri öndürmek we olary ulanmak tehnologiýalaryny ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde China Telecom, Yangtze Optical Fibre and Cable Joint Stock Limited Company (YOFC) hem-de Dekoli kompaniýalary tarapyndan amala aşyryldy. Synagyň esasy maksady täze görnüşli optiki süýümi hakyky täjirçilik aragatnaşyk infrastrukturasyna ýakyn bolan şertlerde barlamakdan ybarat boldy. Synagyň esasy aýratynlygy içi boş özenli optiki süýümiň ulanylmagy boldy. Adaty optiki süýümlerde signal aýnanyň içinden geçýän bolsa, täze tehnologiýada ol kabeliň içindäki howa kanalynyň üsti bilen geçirilýär. Şeýle gurluş maglumatlaryň geçirilmegindäki gijikmäni azaltmaga hem-de magistral aragatnaşyk geçirijileriniň we maglumatlary gaýtadan işleýän merkezleriň torlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Synag wagtynda inženerler bir tolkun uzynlygynda 1,2 Tbit/s tizlige ýetdiler. Munuň netijesinde 206,5 kilometrlik bir optiki geçirijide signal gaýtalaýjylaryny ulanmazdan, jemi 51,3 Tbit/s geçirijilik ukyby gazanyldy. Işläp düzüjileriň bellemegine görä, bu uzakdan güýçlendirilýän optiki güýçlendirijileri ulanmaýan spektral kanallary dykyzlandyrmak ulgamlarynyň arasynda häzirki wagta çenli gazanylan iň ýokary netijedir. Şeýle ýokary öndürijiligi üpjün etmek üçin alymlar kanallary adaptiw dolandyrýan ulgamy işläp taýýarladylar. Bu ulgam öňünden kesgitlenen sazlamalaryň ýerine, hakyky wagt tertibinde maglumat geçiriş tizligini we kuwwatyny dürli tolkun uzynlyklarynyň arasynda gaýtadan paýlady. Şeýle çemeleşme içi boş optiki süýümde signalyň ýaýramagy bilen baglanyşykly ýitgileriň öwezini dolmaga we onuň geçirijilik mümkinçiligini iň ýokary derejede peýdalanmaga mümkinçilik berdi.