BMG-niň Baş Assambleýasy Täjigistan tarapyndan öňe sürlen «Geljek nesilleriň hatyrasyna parahatçylygy berkitmegiň halkara onýyllygy barada» rezolýusiýany kabul etdi. Bu barada «howar.tj» neşiri habar berdi. Resminama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy 2027-2036-njy ýyllar aralygyny «Geljek nesilleriň hatyrasyna parahatçylygy berkitmegiň halkara onýyllygy» diýip yglan edýär. Bu onýyllygyň maksady – Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmäge ýardam etmekden, dialogy hem-de ylalaşyklylygy höweslendirmekden, şeýle hem syýasaty işläp düzmekde we çözgütleri kabul etmekde geljek nesilleriň zerurlyklarydyr bähbitlerini üpjün etmek üçin nesilleriň – çagalaryň, ýaşlaryň we uly ýaşly adamlaryň arasynda hyzmatdaşlygy goldamakdan ybaratdyr. Täze kararnama bilen kabul etmek bilen, agza-döwletler parahatçylygy, dialogy we nesilleriň arasynda raýdaşlygy ilerletmek boýunça ählumumy meýillerini tassykladylar.