Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähinde oturdylan beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Çärä diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, Türkiýäniň tanymal ýazyjy-şahyrlary we jemgyýetçilik işgärleri, talyp ýaşlar, türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň ösüşindäki aýratyn ornuny nygtadylar. Şeýle hem gatnaşyjylara 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçirilýän ýylyň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler barada giňişleýin maglumat berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir