Ýaponiýada 2 milliondan gowrak adam güýçli ýagynlar we birbada iki sany deňiz tupanynyň ýetip gelýändigi bilen baglylykda, göçmek barada duýduryş aldy diýip, «Kyodo» agentligine salgylanýan «Belta.by» habar berdi. Ýurduň meteorologik agentliginiň maglumatlaryna görä, 27-nji iýunda «Higos» deňiz tupany Ýaponiýanyň ýuwaş umman kenarýakasyndan gury ýere çykar, şol birwagtda günorta-günbatar etraplara hem «Mekhala» tupany ýetip gelýär, ol soňra Kento sebiti tarapa süýşer. Meteorologlar biri-birine golaýlanlaryndan soňra tupanlaryň ikisi-de gowşar diýip çaklaýarlar. Emma muňa garamazdan, ilata suw süýşgünleri, siller we güýçli şemal sebäpli seresap bolmak maslahat berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir