Wenesuelada bolan güýçli ýer yranmada pida bolanlaryň sany 164 adama ýetdi diýip, ýurduň wagtlaýyn Prezidenti Delsi Rodriges habar berdi. Bu gutarnykly maglumatlar däl diýip, CNN habarlar gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» belleýär. Tebigy betbagtçylykda 971 adamyň ejir çekendigi aýdylýar. Öň 32 adamyň gurban bolandygy we 700 adamyň şikes alandygy habar berlipdi. Pidalaryň we ýaralananlaryň sany artar diýlip garaşylýar, sebäbi ýurtda köp binalar ýykyldy hem-de tutuş gije dowam eden gözleg-halas ediş işleri tamamlananok. Aralygy 40 sekunt bolan 7,2 we 7,5 magnitudaly ýertitremelerden soňra azyndan 30 sany goşmaça sarsgyn hasaba alyndy diýip, Rodriges aýtdy. Wenesuelanyň döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyrmagynda ýurda daşary ýurtly halas edijileriň ugradylmagy, şeýle hem Bütindünýä Pul gaznasy bilen birlikde ykdysadyýeti dikeltmek üçin gazna döretmek barada geňeşmeleri geçirýär. Rodriges şeýle-de hususy pudakdan harabalary arassalamak üçin agyr tehnikalary satyn almakda kömek sorady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir