Şweýsariýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Kanadany 2:1 hasabynda ýeňip, B toparçada birinji orny eýeledi. Iki ýygyndy hem ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmagy başardy. Ýeňijileriň düzüminde gollary Ruben Wargas (46-njy minutda) we Žoan Manzambi (57-nji minutda) geçirdi. Kanadanyň ýygyndysyndan bolsa Promis Dewid (76-njy minutda) tapawutlandy. Şweýsariýa 7 utuk toplap, toparçada birinji boldy. Kanada 4 utuk bilen ikinji orny eýeledi. Kanadanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji gezek pleý-off tapgyryna çykýar. 1/16 finalda Şweýsariýa toparçada üçünji orny eýeläp, pleý-off tapgyryna çykan ýygyndylaryň biriniň garşysyna oýnar. Duşuşyk 3-nji iýulda Wankuwer şäherinde geçiriler. Kanada bolsa 28-nji iýunda (ABŞ-nyň) Inglwud şäherinde A toparçanyň ikinji orny eýelän ýygyndysy bilen duşuşar. Bu orna Günorta Koreýa Respublikasynyň, Çehiýanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndylary dalaşgärlik edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir