Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat kätibi Dmitriý Peskow halkara BRIKS guramasynyň özbaşdak ätiýaçlyk puluny döretmek meýilleri barada çaklamanyň ýalňyşdygyny belledi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi. «BRIKS-iň haýsydyr bir özbaşdak pul döretmek isleýändigi barada pikir ýalňyşdyr. Gurama ätiýaçlyk puluny peýdalanmak hukugyna garşy çykylan ýa-da çäklendirilen ýurtlary özüne birleşdirýär, şonuň üçin töleglerde milli puluň paýy artýar» diýip, Peskow çarşenbe güni geçen Primakowyň okalyşyklary çäresinde aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir