2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary 24-nji iýundan 25-nji iýuna geçilýän gije badalga alýar. Ylalaşylan netijeleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak maksady bilen, her toparçanyň çägindäki ähli duşuşyklar bir wagtda geçiriler. 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryna Türkmenistanyň janköýerleri Belet striming platformasy arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler. Bu hyzmat çempionatyň her bir duşuşygyny göni ýaýlymda görkezýär. Mundan başga-da, platformada çaklama ulgamy hereket edýär: iň takyk çaklamalary eden ulanyjylar Belet Premium abunasyny sowgat hökmünde alarlar. 3-nji oýunlaryň tertibi (Aşgabat wagty bilen) 24-nji iýun 23:55 — Şweýsariýa – Kanada 23:55 — Bosniýa we Gersegowina – Katar 25-nji iýun 03:00 — Şotlandiýa – Braziliýa 03:00 — Marokko – Gaiti 06:00 — Çehiýa – Meksika 06:00 — Günorta Afrika Respublikasy – Günorta Koreýa 26-njy iýun 01:00 — Kýurasao – Kot-d’Iwuar 01:00 — Ekwador – Germaniýa 04:00 — Ýaponiýa – Şwesiýa 04:00 — Tunis – Niderlandlar 07:00 — Türkiýe – ABŞ 07:00 — Paragwaý – Awstraliýa 23:55 — Norwegiýa – Fransiýa 23:55 — Senegal – Yrak 27-nji iýun 05:00 — Kabo-Werde – Saud Arabystany 05:00 — Urugwaý – Ispaniýa 08:00 — Müsür – Eýran 08:00 — Täze Zelandiýa – Belgiýa 28-nji iýun 02:00 — Panama – Angliýa 02:00 — Horwatiýa – Gana 04:30 — Kolumbiýa – Portugaliýa 04:30 — Kongo Demokratik Respublikasy – Özbegistan 07:00 — Alžir – Awstriýa 07:00 — Iordaniýa – Argentina