Belgiýanyň we Müsüriň milli ýygyndylary ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň G toparçasyndaky ilkinji tapgyrdaky oýnunda 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Duşuşyk Waşington ştatynyň Sietl şäherindäki stadionda geçirildi. Hasaby 19-njy minutda müsürli ýarym goragçy Emam Aşur açdy. Bu onuň milli ýygyndydaky ilkinji goly boldy. Mundan ozal hüjümçi Müsüriň milli ýygyndysynyň düzüminde 30 duşuşyk geçiripdi. Ol Kairiň «Al-Ahli» klubunda çykyş edýär. 66-njy minutda Müsüriň başga bir oýunçysy Mohamed Hani topy öz derwezesine girizip, oýnuň jemleýji hasabyny kesgitledi. Tapgyryň netijeleri boýunça iki topar hem bir utuk gazandy. G toparçasynda şeýle hem Eýranyň we Täze Zelandiýanyň milli ýygyndylary çykyş edýärler. Ikinji tapgyrda Belgiýa 21-nji iýunda Eýran bilen, Müsür bolsa 22-nji iýunda Täze Zelandiýa bilen duşuşar. FIFA-nyň karary boýunça oýnuň iň gowy futbolçysy diýlip Emam Aşur ykrar edildi. Dünýä çempionaty 19-njy iýulda tamamlanar. Taryhda ilkinji gezek bu ýaryşa 48 milli ýygyndy gatnaşýar. Olar 12 toparça bölünendir. Her toparçadan iň gowy iki ýygyndy, şeýle hem üçünji orny eýelän sekiz iň gowy topar 1/16 final tapgyryna çykar. Häzirlikçe dünýä çempiony — Argentinanyň milli ýygyndysydyr.