Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat boldular. «B» toparça: Turniriň ilkinji deňligi «B» toparçanyň ilkinji duşuşygynda turniriň guramaçy ýurtlarynyň biri bolan Kanadanyň ýygyndysy Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysy bilen oýunda ýeňlişden gutulmagy başardy. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Oýunda hasaby 21-nji minutda bosniýaly Ýowo Lukiç açdy, oňa gol geçirmäge bolsa Sead Kolaşinas ýardam etdi. Kanadaly futbolçylar diňe ikinji ýarymda hasaby deňläp bildiler: 78-nji minutda ätiýaçlykdan oýna giren Kaýl Larin, Promis Dewidiň pasyndan soň jogap pökgüsini girizdi. Iki ýygyndy hem 1 utuk gazanyp, öz toparçalarynyň turnir jedwelinde öňe saýlandylar. «B» toparçadaky ikinji duşuşyk Kataryň we Şweýsariýanyň ýygyndylarynyň arasynda bolup, ol şu gije (Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da) geçiriler. «D» toparça: ABŞ-nyň öz meýdançasyndaky uly hasaply ýeňşi ABŞ-nyň ýygyndysy Paragwaýyňkylary uly hasap bilen utdy. 70 müňden gowrak janköýeriň gözüniň alnynda geçen duşuşyk 4:1 hasabynda tamamlandy. Hasap eýýäm 7-nji minutda açyldy — paragwaýly futbolçy Damýan Bobadilya pökgüni öz derwezesine girizip, turniriň ilkinji awtogolunyň awtory boldy. Mundan soň amerikaly Folarin Balogun birinji ýarymda (30, 45+5-nji minutlarda) iki pökgi girizip (dubl edip), toparynyň artykmaçlygyny berkitdi. Oýnuň ikinji ýarymynda paragwaýlylar aratapawudy azaltmagy başardylar — 73-nji minutda Maurisio gol urdy. Emma duşuşygyň iň soňky minutlarynda, ýagny 90+8-nji minutda Jowanni Reýna oýnuň nokadyny goýdy. Bu ýeňşiň netijesinde ABŞ-nyň ýygyndysy öz hasabyna möhüm 3 utugy ýazdyrdy. «D» toparçadaky indiki duşuşyk ertir, 14-nji iýunda Awstraliýanyň we Türkiýäniň ýygyndylarynyň arasynda bolar. Oýun ir sagat 9:00-da başlar. Şeýle hem 14-nji iýunda şu duşuşyklar geçiriler: «C» toparça Braziliýa – Marokko, sagat 03:00; Gaiti – Şotlandiýa, sagat 06:00. «E» toparça Germaniýa – Kýurasao, sagat 22:00. (Bellik: Ähli wagtlar Aşgabat wagty bilen görkezilendir).