ABŞ-nyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Paragwaýyň ýygyndysyny ýeňlişe sezewar etdi. Inglwud şäherinde geçirilen we 70 müň 492 tomaşaçynyň gatnaşan duşuşygy 4:1 hasabynda ABŞ-nyň peýdasyna tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Folarin Balogun 31-nji we 45+5-nji minutlarda iki pökgi geçirip, dubl etdi. Şeýle hem Jowanni Reýna 90+8-nji minutda tapawutlandy. Paragwaýyň goragçysy Damýan Bobadilýa 7-nji minutda öz derwezesine pökgi geçirip, DÇ-2026-nyň ilkinji awtogolynyň awtory boldy. Paragwaýyň düzüminde bolsa Maurisio garşydaşyna bir pökgi geçirdi. Duşuşyga FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino, Paragwaýyň prezidenti Santýago Penýa hem-de ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio gatnaşdy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trump oýna gatnaşmady, emma duşuşyk başlamazyndan öň telefon arkaly ýygyndynyň baş tälimçisi, argentinaly Maurisio Poçettino üstünlik arzuw etdi. Bu aragatnaşyk Ak tamyň DÇ-2026-a taýýarlyk boýunça iş toparynyň ýerine ýetiriji direktory Endrýu Juliani tarapyndan guraldy. D toparçasyndaky ikinji tapgyrda ABŞ-nyň ýygyndysy 19-njy iýunda Siettl şäherinde Awstraliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Paragwaý bolsa şol gün San Fransisko şäherinde Türkiýäniň milli ýygyndysy bilen güýç synanyşar. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda üç ýurduň – ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň çäginde geçirilýär. Ýaryş 19-njy iýulda tamamlanar. Häzirki dünýä çempiony bolsa Argentinanyň milli ýygyndysydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir