Kanadanyň Ontario ülkesinde «Air Canada» awiakompaniýasynyň öňki uçarmanyny sakladylar, ol zerur ygtyýarnamasy bolmazdan, 17 ýyllap «Boeing» ýolagçy uçaryna erk edipdir. Bu barada «СВС News» teleýaýlymy habar berdi. Ontarionyň polisiýasy uçarmana ýüzlerçe uçuşy bikanun amala aşyrandygy üçin aýyplama bildirdi. Ýagny 1998-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli awiakompaniýada işlän 59 ýaşly Jeffri Uoll 2009-njy ýylda howa gämisiniň kapitany derejesini almak üçin gatnaw awiýasiýasynyň uçarmanynyň lisenziýasyny galp ýasapdyr. Işlän döwründe ol «Boeing» ýolagçy howa gämilerinde 900 töweregi içki hem-de halkara uçuşlaryny amala aşyrypdyr.