Kanadanyň Hökümeti 16 ýaşdan kiçiler üçin sosial torlara gadaganlyk girizýän kanun taslamasyny taýýarlaýar. Bu barada «Global News» neşirine salgylanýan «Belta.by» habar berdi. Resminama işlenip düzülende, Awstraliýanyň tejribesinden peýdalanyldy. Kanun taslamasy golaý wagtda parlamentiň garamagyna hödürlener. Bu çäre ene-atalaryň köp wagtyny sosial torlarda geçirýän çagalary baradaky arz-şikaýatlary bilen baglydyr. Sosial torlara elýeterlilige dahylly mesele Ýewropada 2025-nji ýylda Awstraliýa şeýle çäklendirme girizenden soňra giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle kanunçykaryjy başlangyçlar Polşa, Daniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Gresiýa we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlarda hem işlenip düzülýär.