Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin ýedi ýylda ilkinji gezek döwlet sapary bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasyna bardy. Bu barada Hytaýyň Merkezi teleýaýlymyna (CCTV) salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi. Öň HHR-iň Daşary işler ministrligi Szinpiniň 8-9-njy iýunda ýurduň lideri Kim Çen Ynyň çakylygy boýunça KHDR-e döwlet saparyny amala aşyrjakdygyny habar beripdi. Saparyň dowamynda Hytaýyň lideriniň ýanynda onuň maşgalasy Pen Liýuan, HKP-niň MK-synyň syýasy edarasynyň agzasy, HKP-niň MK-synyň kanselýariýasynyň ýolbaşçysy Şaý Şi, daşary işler ministri Wan I we beýlekiler bar diýlip, habarda bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir