Häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär. Gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşyk meýdançalarynda uzynlygy 153 kilometre deň bolan Serhetabat — Hyrat bölegini çekmek boýunça işler dowam edýär. «Türkmengaz» döwlet konserni taslamanyň baş potratçysy bolup çykyş edýär, gurluşyk işlerini bolsa, gös-göni «Türkmengazgurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýerine ýetirýär. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda «Arkadagyň ak ýoly» gaz geçirijisiniň gurluşygynda türkmen hünärmenleriniň — inženerleriň, gazçylaryň, kebşirleýjileriň we gurluşykçylaryň 700-e golaýy zähmet çekýär. Desgalaryň döwrebap maddy-enjamlaýyn binýady bolup, olarda 250-den gowrak ýöriteleşdirilen tehnikalar ulanylýar. Olaryň hatarynda «Zoomlion» buldozerleri, «Komatsu» ekskawatorlary, turba goýujylar, turba çekijiler, kuwwatly awtokranlar we beýleki tehnikalar bar. Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygyny üpjün etmek üçin turba önümlerini, enjamlary we zerur bolan materiallary getirmek barada halkara şertnamalarynyň 17-si baglaşyldy. Hususan-da, «MAN Industries Ltd» hindi kompaniýasy bilen polat turbalaryň 150 müň metrden gowragyny getirmek barada umumy bahasy ABŞ-nyň 190 million dollaryndan gowrak bolan şertnama gol çekildi. Häzirki wagta çenli kompaniýa tarapyndan turba önümleriniň 108 müň metrden gowragy öndürildi. Olaryň agramly bölegi Poti, Alýat, Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň üsti bilen getirildi. Turbalar Owganystanyň çäginden geçýän gaz geçirijiniň ugrundaky gurluşyk meýdançalaryna ugradylýar. Häzire çenli uzynlygy 153 kilometr bolan gaz geçirijiniň tutuş dowamynda geodeziýa işleri doly tamamlandy, trassa bolsa potratçy edaralara tabşyryldy. Bu ýerde trassany arassalamak, tekizlemek, turbalary kebşirlemek, gurnamak, kebşirlenen turbalaryň seplerini örtmek, garym gazmak, turba geçirijini ýerleşdirmek boýunça işler dowam edýär. Gaz geçirijiniň ugrundaky gözegçilik ýollarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Häzire çenli şeýle ýollaryň 107 kilometrden gowragy çekildi. Bu bolsa desgany geljekde ulanmak, onuň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda möhüm ähmiýete eýedir diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir