Maglumatlary işlemek boýunça merkezler emeli aňyň işini üpjün edýän ählumumy infrastruktura bolmak bilen, 2030-njy ýyla çenli her ýylda 945 terawatt-sagat elektrik energiýasyny harçlar diýlip, BMG-niň uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglarynyň jemlerinde aýdylýar. Bu Pakistanyň, Bangladeşiň we Nigeriýanyň umumylykda ýyllyk sarp edýän elektrik energiýasyndan tas üç esse köpdür. Emma emeli aňyň ösüşi energiýadan ötri, suwy-da köp sarp edýär. Täze ylmy barlaglar üstümizdäki onýyllygyň aýagynda EA-nyň 1,3 milliard adama ýetjek suw harçlajakdygyny görkezdi. Alymlar EA-nyň daşky gurşawa täsirine sowuk-sala garalýandygyny belleýärler. Bu onuň işi netijesinde kemala gelýän parnik gazlary ýaly birgiden ekologik kynçylyklardyr. Hünärmenler EA-nyň infrastrukturasynyň giňeldilmeginiň suw üpjünçiligine, hususan-da guraklyk şertlerinde güýçli zyýan ýetirip biljekdigini aýdýarlar. Olar şunuň bilen baglylykda, «emeli aňyň ekoulgamyna jogapkär» döretmäge çagyrdylar. Ýagny Hökümetler energetika, suw üpjünçiligi we ýerden peýdalanmak taslamalaşdyrylanda, emeli aň infrastrukturasyny göz öňünde tutmalydyr, kompaniýalar bolsa, tebigy gorlary az sarp etmäge mümkinçilik berýän ulgamlary işläp düzmelidir.