Ozal habar berşimiz ýaly, iýun aýynyň ilkinji günlerinde Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Oňa Türkmenistanyň medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, şol sanda meşhur artistler, opera ýerine ýetirijiler, estrada aýdymçylary, meşhur saz we tans toparlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Medeniýet günleriniň 4-nji iýunda Moskwanyň «Rus aýdymy» döwlet akademiki teatrynda geçirilen açylyş dabarasy şatlyk-şowhunly pursatlara beslendi. Onda çykyş edenler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtadylar. Açylyş dabarasynyň başynda «Türkmen ilinden salam» atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. «Gel Türkmenistana!», «Parahatçylyk sazy», «Mirasyň dürdäneleri», «Çapyksuwaryň aýdymy», «Dutaryň owazy», «Toý bu gün» ýaly hoş owazly mukamlar russiýaly tomaşaçylarda bedew batly ösüşlere beslenýän güneşli Türkmenistana gaýybana syýahat eden ýaly duýgy döretdi. Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň çykyşlary, şol sanda «Küştdepdi» tansynyň şowhunly ýerine ýetirilmegi medeni çärä aýratyn öwüşgin berdi. Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, iki ýurduň işewür düzümleriniň wekilleriniň, dostlukly döwletiň medeni edaralarynyň jogapkär işgärleriniň, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ylym, sungat adamlarynyň, žurnalistleriň, talyplaryň we ýurduň sebitlerindäki türkmen diasporalarynyň wekilleriniň hormatly myhman hökmünde gatnaşmaklary çäräniň ähmiýetini artdyrdy. Moskwada medeni forumyň çäklerinde guralan sergi köp adamly boldy. Russiýanyň paýtagtynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň rektorlarynyň, iki ýurduň bu ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň duşuşygy-da geçirildi. Onuň dowamynda medeniýet we sungat ugry boýunça özara tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine garalyp, gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň meseleleri babatda pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy ähmiýetli wakalar we medeni çäreler bilen utgaşdy. Moskwanyň M.I.Rudomino adyndaky daşary ýurt edebiýaty Bütinrussiýa döwlet kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjylarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda kitaphana ulgamynda özara tejribe alyşmagyň we gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.