Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde 18 – 34 ýaş aralygyndaky dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň milli äheňde bezelen sahnasynda bagşylar türkmen halk aýdymlaryny, şeýle hem mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, halypa bagşy-sazandalardan düzülen eminler toparynyň çykaran netijesi esasynda dutarda saz çalmak ugry boýunça Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Bägül Batyrowa hem-de Döwletli etrabynyň Kerkiçi şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Jeýhun Çaryýew, bagşyçylyk sungaty boýunça Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Merjen Amandurdyýewa hem-de Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Esen Atamyradow dagylar ýeňijiler diýlip yglan edildi. Ýeňijiler «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaklyga hukuk gazandylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir