2026-njy ýylyň 4–6-njy iýuny aralygynda Aşgabatda dünýäniň onlarça ýurdundan gatnaşyjylary bir ýere jemlän Turkmen Textile Expo-2026 halkara dokma sergisi geçirildi. Sergä Italiýa, Hytaý, Türkiýe, Özbegistan, Eýran, Germaniýa, Estoniýa we Belarus ýaly döwletlerden wekiller gatnaşdy. Pakistanyň dokma senagatynyň ägirdi Nishat Group Aşgabatdaky sergide öz önümlerini tanyşdyrdy Pakistan sergide ýurduň iň iri dokma kompaniýalarynyň biri bolan Nishat Group tarapyndan wekilçilik edildi. Wekiliýet Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi doktor Farýal Leghari hem-de Nishat Group kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Mian Muhammad Manşa tarapyndan ýolbaşçylyk edildi. Kompaniýanyň diwarlygynda dürli matalar, öý üçin dokma önümleri we zenan egin-başlary görkezildi. Nishat Textiles kompaniýasynyň pawilýony diplomatlaryň, telekeçileriň we sergä gelen myhmanlaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Pakistanyň dokma senagatynyň ägirdi Nishat Group Aşgabatdaky sergide öz önümlerini tanyşdyrdy Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň söwda, dokma senagaty we hususy pudagyň meselelerine gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulýew bilen Mian Muhammad Manşanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Pakistanyň wekiliýetine we Nishat Group kompaniýasyna sergä gatnaşandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Wise-premýer kompaniýanyň pawilýonyna baryp gördi we görkezilen önümleriň hiline ýokary baha berdi. Pakistanyň dokma senagatynyň ägirdi Nishat Group Aşgabatdaky sergide öz önümlerini tanyşdyrdy Öz gezeginde Mian Muhammad Manşa serginiň ýokary derejede guralandygyny belledi. Ol serginiň maksatnamasyna türkmen hem-de daşary ýurtly dizaýnerleriň gatnaşmagynda geçirilen moda görkezilişleriniň hem girizilendigini aýratyn nygtady.