Fransiýanyň 1995-2007-nji ýyllar aralygyndaky öňki Prezidenti merhum Žak Şiragyň aýaly Bernadett Şirak 93 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň gyzy Klod Şiraga salgylanýan «Agence France-Presse» agentligi habar berdi. Bernadett iň soňky gezek köpçülikde 2018-nji ýylyň tomsunda göründi. Ol syýasy wezipede işlän ýeke-täk birinji hanymdy, 1979-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli ýurduň Korrez departamentiniň Sarran kommunasynyň geňeinde baş geňeşçi bolupdy. Bernadett Şirak dünýäniň onlarça ýurdy tarapyndan gowşurylan döwlet we jemgyýetçilik sylaglarynyň eýesidi.