Garry bir ýaşuly pensiýa çykyar we özine mekdebiň ýanynda kiçiräk öý satyn alyar. İlki günler wagtyny oňat geçiryar ýöne soňra okuw başlansoň okuwdan çykan çagalar ýoldan her geçenlerinde ýoldaky musur bedreleri depişdirip ala-galmagal edip ýaşula maza bermeyarler. Bu dynywsyz gohlar günlerçe dowam edyar we ýaşuly öziçe munyň çaresini gözläp başlayar. Ertesi gün çagalar gohlap ýoldan geçip baryarka olaryň öňinden çykyp olary saklap: “Siz yaman eyjejik çagalar, gowja-da keyp edyaňiz. Menem siziň ýaşyňyzdakam edil siz yaly goh çykarmakdan keyp alardym, maňa ýaşlygymy ýatlatýaňyz. Eger her gün bärden geçseňiz we goh etseňiz size günlik 5 manat berjek” diyen. Bu teklip çagalara-da ýarayar we goh etmäge dowam edyarler. Bir-ki gün soňra ýaşuly çagalaň öňinden çykyp “Çagalar, bu günler pullaryň hümmeti gaçyp ugrady, indiden beyläk men size 1 manat berip biljek” diýýar. Çagalar kän göwnemeseler-de ylalaşmaly bolupdyrlar. Aradan ýene birnäçe gün geçensoň ýaşuly çagalary ýene saklap olara:”Diňlaň, entek men aýlygymy almadym şoň üçin men size 500 köpik berip biljek, bolýamy?” “Bu bolup bilmez” diýen çagalardan biri. “Günde 500 köpük üçin bu işi etjegimizi pikir etýan bolsaň ýalňyşýarsyň, işi taşlaýas”

Köneler, aynash tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir