Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada TDH habar berýär. «Yangi Toshkent Conference Hall» merkezinde geçirilen maslahata Türkmenistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň atşynaslary, seçgiçi alymlary, diplomatlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergi gatnaşyjylara türkmen halkynyň baý medeni mirasy, amaly-haşam sungaty we behişdi bedewleriň taryhy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Maslahatda edilen çykyşlarda ahalteke atlarynyň dünýäniň iň gadymy tohumlarynyň biridigi, taryhyň dowamynda halkyň iň ýakyn hemrasy bolup gelendigi bellenildi. «Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň» ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa bu sungatyň dünýä ähmiýetli gymmatlykdygyny tassyklaýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Özbegistandan bolan agzalary Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmek, atlaryň baş sanyny artdyrmak, tohum arassalygyny goramak we ony ylmy taýdan öwrenmek boýunça durmuşa geçirilýän işlere ýokary baha berdi. Şeýle hem maslahatyň dowamynda atçylyk pudagyny ösdürmekde Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň ähmiýeti hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara meýdançalaryndaky üstünlikleri dogrusynda täsirli maglumatlar paýlaşyldy. Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilendigine hem aýratyn üns çekildi. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak babatda goldaw bermekden, ahalteke atlarynyň taryhyny öwrenmekden we behişdi bedewleri dünýäde wagyz etmekden ybaratdyr. Bu halkara ylmy-amaly maslahat türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermekde we ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer hem diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir