Gynansak-da, futbol janköýerleriniň gylygy şeýle. Sähleçe hereket olaryň ýigrenjini söýgä, söýgüsini-de ýigrenje öwrüp bilýär. Ine, Mbappe-de olaryň bu häsiýetine şaýat bolmak miýesser etdi. Kilian Mbappe ýaňy-ýaňy hem hemmeleriň söýgüli futbolçysydy. Onuň Madridiň «Realyna» geçmegi taryhy waka diýlip atlandyryldy, meşhur brendler furbolçy bilen şertnama baglaşmak üçin nobata durdular, fransuzyň meýdança çykan her bir pursady bolsa dünýä derejesindäki waka öwrüldi. Ýylyň başynda dizaýner Jonatan Anderson hatda ony «Dior» brendiniň birinji ilçisi etdi. Biri-birinden gowy wakalardan doly Mbappeniň karýerasy barha ýokary galybam barýardy welin... Häzirki wagtda «Realyň» we oýunçynyň sosial ulgamlary tankytly sözler, dürli ýaňsylaýjy suratlar we Mbappeni topardan aýyrmak baradaky talaplar bilen doly. «ESPN-iň» maglumatyna görä, hüjümçini topardan çetleşdirmek baradaky arzany eýýäm 40 milliondan gowrak adam goldady. Dünýäniň iň meşhur futbolçylarynyň biridigine garamazdan, Mbappeniň öz muşdaklarynyň ýagysyna öwrülmegi, diýseň-diýmeseň geň ýagdaý. Hemme zat Madrid klubunyň şowsuzlyklaryndan başlady. Ispaniýanyň çempionlygynyň aldyrylmagy, Çempionlar ligasynda «Bawariýadan» utulyp çykmagy we toparyň içindäki dartgynlylyk baradaky gep-gürrüňler ýagdaýy has-da ýaramazlaşdyrdy. Mundan başga-da, klubuň binýadynda Orelýen Tçuameni bilen Federiko Walwerdeniň arasynda sene-mene ýüze çykdy we netijede Walwerde lukmançylyk kömegini almaly boldy. Klub bu waka boýunça içerki derňewiň başlandygyny-da resmi taýdan yglan etdi. Sport metbugaty toparyň içindäki agzalalyklar barada yzygiderli ýazýar. Myş-myşlara görä, fransuzyň Jud Bellingem bilen gatnaşyklary öwerlikli däl. Ol toparda, esasan diňe öz watandaşlary bilen aragatnaşyk saklaýar. The Athletic neşirine interwýu beren käbir klub işgärleri ony «erbet hyzmatdaş» diýip atlandyryp, oýunçynyň «ýaramaz» atmosferasynyň bardygyny syzdyrdylar. Internet bu kyssany derrew meýlis temasyna öwürdi. Muşdaklar Mbappä «diktator» diýip lakam dakdylar, sosial ulgamlarda bolsa onuň harby lybasdaky suratlary peýda boldy. Emma iň uly närazylyk, onuň Italiýa eden gezelenji bilen bagly boldy. «Realda» şeýle bulaşyklygyň dowam edýän wagty we topar «Barselona» garşy möhüm oýna taýýarlanýarka, şikesinden dikelýän Mbappe aktrisa Ester Ekposito bilen dynç aldy. Bu bolsa, muşdaklaryň gözüne futbolçy toparyň kynçylyklaryna biperwaý garaýan ýaly göründi. Mbappeniň sosial ulgamda Žoze Mourinýonyň «Reala» gaýdyp gelmegi baradaky habary halandygyny aňladýan laýk goýmagy hem uly kejikme döretdi. Köpler bu hereketi häzirki tälimçi Alwaro Arbeloa garşy edilen blikastlaýyn yşarat diýip hasap etdiler. Klub bu jenjeli resmi taýdan ulaltmazlyga çalyşýar. Arbeloa futbolçynyň gezelenjinde ýa-da sosial ulgamdaky işjeňliginde hiç hili mesele görmeýändigini, oýunçylaryň dikeliş ýagdaýyna lukmanlaryň gözegçilik edýändigini we her kimiň öz boş wagtyny isleýşi ýaly geçirmäge haklydygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, Mbappeniň gowga bilen taşlap gaýdan topary «Pari Sen-Žermen» bolsa, yzly-yzyna ikinji gezek Çempionlar ligasynyň esasy ýeňşine tarap ynamly öňe barýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir