Jaý RSL Queensland tarapyndan gurnalan Dream Home Art Union lotereýasynda oýnaldy. Jaý eýesiniň aýtmagyna görä, onuň ýeňşi baradaky habar ilkibaşda aldawçylyk diýip kabul edildi, sebäbi ol öň hiç haçan, hatda kiçijik baýrak hem utup görmändi. Sidneýli 80 ýaşly pensioner lotereýada Sunshine Coast şäheriniň kenarýakasyndan bahasy 13,9 million dollar töweregi bolan jaý utdy. Baýragyny alanyndan birnäçe aý soň, ol emlägi satmagy karar etdi. Domain.com saýtynyň habaryna görä, öňki inžener öz kararyny maşgalasynyň maliýe geljegini üpjün etmek we çagalaryna kömek etmek islegi bilen düşündirdi. "Maslina" diýip atlandyrylýan üç gatly jaý Sunshine Beach sebitinde, plýaždan 50 metr aradaşlykda ýerleşýär. Jaý Ortaýer deňzi stilinde gurlupdyr. Mülk bilen birlikde ýeňiji 250 000 dollarlyk altyn we 400 000 dollardan gowrak gymmat bahaly zatlary aldy. Jaýda spa, sauna, buz wannasy, çakyr ýerzemini we sport zaly bar. Riýeltor Adam Watts öýüň eýesiniň Pol Klaut tarapyndan dizaýn edilen binagärligini öwendigini, ýöne ony satmagyň mirasdüşerleri üçin has peýdaly bolar diýip hasaplandygyny habar berdi. Ýerli we daşary ýurtly satyn alyjylar eýýäm emläge gyzyklanma bildirip ugradylar.