Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç ýaly gapdallaýyn ýöräp we duran ýerinden diýen ýaly yzyna öwrülip bilmegidir. Ulagyň tigirleri biri-birinden garaşsyz dolandyrylýar. Bu bolsa oňa öňe, yza we gapdala tarap erkin hereket etmäge mümkinçilik berýär. Täze tehnologiýa, aýratyn-da dar we çylşyrymly magdan känlerinde işlemek üçin niýetlenen. Agramy 100 tonna, uzynlygy 14 metre golaý ulag bir gezekde 158 tonna ýük daşap bilýär we sagatda 29 km tizlik bilen hereket edýär. Shuanglin K7 doly elektrik togy bilen işleýär. Onuň batareýalaryny çalt çalşyrmak ulgamy iş wagtynyň ýitirilmeginiň öňüni alýar. Şeýle-de, ulag tormoz berlen wagty dörän energiýanyň 85 göterimine çenlisini yzyna akkumulýatora ugradyp bilýär. Emeli aň tarapyndan dolandyrylýan bu äpet maşyn hatda käbir tigirleri hatardan çykan ýagdaýynda hem işini dowam etmäge ukyplydyr. Bu bolsa dag-magdan işleriniň has howpsuz we tygşytly bolmagyny üpjün eder. Hytaý bu ugurda eýýäm uly ädimleri ädýär. Geçen ýyl Içki Mongoliýada Huawei ulgamy bilen işleýän 100 sany şeýle sürüjisiz ulag işe girizildi. Gobi çölündäki kömür känlerinde bolsa ýene-de 300 sany elektrikli awtopilot ulagy ulanylyp başlandy.