Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi. Onuň sözlerine görä, üýtgedip gurnalandan soň, SpaceXAI atly bitewi gurluş galar. Bu barada Anthropic bilen hasaplaýyş çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk yglan edilenden soň mälim edildi. Ylalaşyk hakdaky habarda xAI eýýäm SpaceXAI diýlip atlandyrylandy. Taraplar Anthropic kompaniýasyna xAI tarapyndan işlenip düzülen Colossus 1 superkompýuterine elýeterliligi üpjün etmek barada ylalaşdylar. Kompaniýa bu ulgamyň emeli aň üçin iň uly we iň çalt ornaşdyrylan superkompýuterleriň biridigini aýtdy. Mask mundan öň ABŞ-nyň hökümeti bilen düşünişmezlikleriň arasynda Anthropic-i tankytlapdy. Mart aýynda Anthropic xAI-iň Claude dil modellerine elýeterliligini bloklady. 2010-njy ýyllaryň ortalarynda Mask OpenAI-a 1 milliard dollara çenli maýa goýmagy meýilleşdirýärdi, ýöne howpsuzlyk dawalary sebäpli 2018-nji ýylda kompaniýanyň müdiriýetinden çykdy. 2023-nji ýylda ol xAI startapyny esaslandyrdy we şu ýylyň fewral aýynda SpaceX we xAI Holdings kompaniýalaryň birleşýändigini yglan etdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir