FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky ýaryşlar üçin ýörite ýelmentgileri we kartoçkalary öndürmek hukugy Topps brendine eýelik edýän Fanatics amerikan kompaniýasyna geçer. ESPN-iň berýän maglumatyna görä, täze ylalaşyk birnäçe dünýä çempionatyny öz içine alýar, ýöne şertnamanyň maliýe şertleri aýan edilmedi. «Biz Fanatics kompaniýasynyň kolleksiýa harytlary pudagynda uly täzelikleri girizýändigini we janköýerlere öz söýgüli toparlary hem-de oýunçylary bilen aragatnaşyk saklamagyň täze usullaryny hödürleýändigini görýäris. FIFA tarapyndan baha bersek, biz öz ýaryşlarymyz bilen janköýerleriň gyzyklanmasyny has-da ýokarlandyrmaga çalyşýarys. Bu bolsa futboly ösdürmäge gönükdirilýän möhüm söwda girdeji çeşmesini döredýär» – diýip, Infantino belledi. Fanatics kompaniýasynyň esaslandyryjysy Maýkl Rubin bu ylalaşygy «biznesi ösdürmek üçin möhüm waka» diýip atlandyrdy we kompaniýanyň 150 million dollardan gowrak bahaly kolleksiýa önümlerini mugt paýlajakdygyny habar berdi. Panini kompaniýasy 1970-nji ýyldan bäri (diňe 1994-nji ýyldaky ABŞ-da geçirilen DÇ-den başga) dünýä çempionatlary üçin resmi albomlary çykaryp gelýärdi. 2022-nji ýylda kompaniýa UEFA bilen şertnamasyny hem ýitiripdi — UEFA Ýewropa çempionatlary we Milletler ligasynyň finallary üçin Topps bilen eksklýuziw ylalaşyk baglaşdy. Muňa garamazdan, Panini Angliýanyň Premýer-ligasyndan (ol hem Topps-a geçdi) başga beýleki öňdebaryjy Ýewropa futbol ligalarynyň köpüsi bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär.