ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara gutusynyň) maglumatlaryny aýan etdi. Hasabata görä, uçaryň aşak gaçmagy hereketlendirijilere ýangyjyň berilmeginiň mejbury öçürilmegi sebäpli bolup geçipdir: degişli ryçaglar el bilen «öçürilen» ýagdaýyna geçirilipdir we olary hatda gaýtadan işjeň ýagdaýa getirmek üçin hiç hili synanyşyk edilmändir. Kunminden Guançžou şäherine uçuş wagty daglyk ýerde bolup geçen heläkçiligiň netijesinde uçaryň bortundaky 132 adamyň — 123 ýolagçynyň we 9 ekipaž agzasynyň hemmesi heläk boldy. Mundan ozal Hytaýyň Raýat awiasiýasy müdirligi (CAAC) bu wakanyň bilgeşleýin edilen bolmagy baradaky çaklamalary inkär edip, jikme-jik maglumatlary bermekden saklanypdy. Maglumatlary aýan etmek baradaky kanunyň (FOIA) çäginde çap edilen täze maglumatlara görä, 8800 metrden gowrak belentlikde hereketlendirijileriň ikisine-de ýangyjyň berilmegini dolandyrýan ryçaglar «öçürilen» ýagdaýyna geçirilipdir. Bu hem hereketlendirijileriň tizliginiň we çekiji güýjüniň şol pursatda peselmegine getiripdir. CNN-iň awiasiýa analitigi Dewid Susiniň bellemegine görä, hereketlendirijileri täzeden işletmek synanyşygynyň bolmazlygy gönüden-göni uçarmanlaryň kabinasynda bilgeşleýin hereketleriň edilendigini görkezýär. Uçaryň bilgeşleýin ýere gönükdirilendigi baradaky çaklama ilkinji gezek 2022-nji ýylda peýda bolupdy. Şonda «The Wall Street Journal» neşiriniň žurnalistleri öz çeşmelerine salgylanyp bu barada ýazypdy, ýöne munuň uçarmanlaryň biri tarapyndan edilendigi ýa-da kabinada başga biriniň bolandygy näbelliligine galdy. Şol wagt resmi Pekin bu maglumaty tassyklamandy. Gara gutynyň seljermesine görä, uçarmanlaryň biri uçary dogrulamaga çalşypdyr, beýlekisi bolsa laýneri dikligine aşaklygyna gönükdiripdir. Heläkçilikden az wagt öň iki hereketlendiriji we awtopilot hem öçürilýär. Ekipaž kömek sorap hiç hili signal bermändir. Mundan başga-da, Hytaýyň awiasiýa edaralary uçarda tehniki näsazlygyň hiç hili alamatlaryny tapmady. Derňewiň häzirki netijeleri ABŞ-nyň we Hytaýyň hünärmenleriniň bilelikdäki işi netijesinde elýeterli boldy. Amerikaly hünärmenler derňew işine heläkçilige uçran uçaryň Amerikanyň Boeing korporasiýasy tarapyndan öndürilendigi sebäpli goşuldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir