ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl mundan ozalky döwre degişlidir. Alymlar dinozawrlaryň üç sany esasy ugruna — teropodlara, zawropodomorflara we ornitishiýalara degişli bolan dokuz sany morfologik maglumatlar toplumyny öwrendi. Ylmy iş anatomik aýratynlyklaryň, toparlaryň arasyndaky tapawutlaryň we olaryň gazylyp alnan galyndylaryň ýaşy bilen ewolýusion baglanyşyklarynyň seljermesini öz içine aldy. Işiň awtorlary dinozawrlaryň irki taryhynyň öňki çaklanylandan başgaça ýaýbaňlanandygy baradaky netijä geldi. Alymlaryň pikiriçe, umumy ata-baba ugry peýda bolandan soň, esasy toparlaryň çalt görnüşlere bölünmegi (diwersifikasiýasy) başlanypdyr. Alymlar bu prosesi «ewolýusion radiasiýa» — ýagny bir ugruň içinde görnüşleriň dürlüliginiň birden artýan döwri hökmünde häsiýetlendirdi. Olaryň pikiriçe, şeýle üýtgeşmeler täze ösüş basgançaklaryna getiren köpçülikleýin gyrylmalar bilen baglanyşykly bolup biler. Barlagçylar trias döwrüniň ahyrynyň dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny däl-de, eýsem olaryň işjeň ýaýran we esasy ugurlaryň biri-birinden bölnen döwrüni aňladýandygyny belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir