Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy. Topar Superliganyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda, öz meýdançasynda «Antalýaspory» 4:2 hasabynda utup, bäsdeşleri üçin elýetmez boldy. Ýer eýeleriniň düzüminde Wiktor Osimhen dubl etdi (gollaryň birini penaltiden geçirdi), şeýle hem Mario Lemina we Kaan Aýhan tapawutlandy. «Antalýasporyň» gollarynyň ikisini-de Soner Dikmen öz hasabyna ýazdy. Bu üstünlik arkaly «Galatasaraý» 77 utuk toplady we iň ýakyn bäsdeşi «Fenerbahçeden» 4 utuk öňe saýlanyp, çempionlygy wagtyndan öň kepillendirdi. Bu ýeňiş klub üçin yzygider gazanylan dördünji çempionlyk boldy. «Galatasaraý» ýurduň birinjiliginde gazanylan ýeňişleriň sany boýunça liderligini saklap gelýär (26 titul). Taryhy sanawda 19 titul bilen «Fenerbahçe» ikinji, 16 ýeňiş bilen bolsa «Beşiktaş» üçünji ýerde durýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir