Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi. Ol özüniň X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky sahypasynda «MV Hondius» kruiz gämisinde «Andes» ştammynyň anyklanandygyna garamazdan, hünärmenleriň bu ýagdaýa jemgyýetçilik saglygy üçin pes derejeli howp hökmünde baha berýändiklerini nygtady. BSGG-niň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, «epidemiýa» sözi adamlarda 2020-nji ýylyň wakalaryny ýatladyp, dowul döredip biler, ýöne bu gezekki ýagdaý koronawirus ssenariýasynyň gaýtalanmagy däl. Häzirki wagtda gäminiň içinde keseliň alamatlary bolan hiç hili ýolagçy hasaba alynmady. Guramanyň hünärmenleri gönümel «MV Hondius» gämisiniň içinde iş alyp barýarlar we olar ähli zerur derman hem-de lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edildi. Ispaniýanyň häkimiýetleri adamlary Granadillýa portuna howpsuz düşürmek üçin anyk meýilnama taýýarladylar. Ol ýerden ýolagçylar berk gözegçilik astyndaky ýörite ugurlar arkaly öz ýurtlaryna ugradylar. Gebreýesus Tenerife adasynyň ýaşaýjylaryna ýüzlenip, ewakuasiýa edilýän adamlaryň ýerli ilat bilen hiç hili gatnaşygynyň bolmajakdygyna we munuň doly öňüniň alnandygyna ynandyrdy.