2026-njy ýylyň aprelinde gazagystanly telekeçi, BI Group kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Aýdyn Rahimbaýew we onuň aýaly Anar resmi taýdan «The Giving Pledge» halkara başlangyjyna goşuldylar. Bu başlangyç öz baýlygynyň ýaryndan gowragyny haýyr-sahawat işlerine sarp etmäge köpüň öňünde wada berip bilýän milliarderleri birleşdirýär diýip, digitalbusiness.kz neşiri ýazýar. «The Giving Pledge» başlangyjy 2010-njy ýylda Bill Geýts, Melinda Frenç Geýts we Worren Baffet tarapyndan milliarderleri öz maýalaryny global meseleleri çözmäge gönükdirmäge höweslendirmek maksady bilen esaslandyryldy.16 ýylyň dowamynda bu başlangyja 30 ýurtdan 250-ä golaý donor goşuldy, olaryň arasynda Ilon Mask, Mark Sukerberg, Riçard Brenson dagylar hem bar. Indi bolsa bu sanawa gazagystanly maşgala hem girdi. ​Forbes Kazakhstan neşiriniň 2026-njy ýyl üçin täze reýtingine görä, Rahimbaýew 1,1 milliard dollar baýlygy bilen ýurduň iň baý telekeçileriniň arasynda 9-njy orny eýeleýär. Şu ýyl ol ilkinji gezek Forbes-yň dünýä milliarderleriniň sanawyna girip, 3185-nji orny eýeledi. 53 ýaşly Rahimbaýew BI Group maýa goýum-gurluşyk holdinginiň paýdarydyr. Bu holding 2025-nji ýylda 2,4 million inedördül metr ýaşaýyş jaýyny ulanmaga berdi we «Cushman & Wakefield Veritas-yň» talaplaryna görä dünýäniň iň iri işläp düzüjileriniň (deweloper) hataryna girdi. Topar Gazagystanda, Özbegistanda, ABŞ-nda we BAE-de iş alyp barýar, geçen ýyl bolsa Azerbaýjan bazaryna çykýandygyny yglan etdi. «The Giving Pledge» saýtynda ýerleşdirilen hatda Rahimbaýewler öz geçen ýollary barada ýazyp, ikisiniň hem kiçijik obalardan, pes girdejili maşgalalardan gelip çykandyklaryny gürrüň berdiler. Hut şu ýagdaý hem olaryň pula bolan garaýyşlaryny üýtgedipdir. «Aýalymam, menem kiçijik obalarda, örän pes girdejili maşgalalarda ulaldyk. Özümizi bilenimizden maýa toplamak üçin dyngysyz zähmet çekdik. Wagtyň geçmegi netijesinde bolsa, möhüm bir zada – maýanyň maksat däl-de, guraldygyna, onuň hakyky gymmatynyň adamlaryň durmuşyny üýtgetmäge we jemgyýetiň ösmegine ýetirýän täsiri bilen ölçelýändigine düşündik. Biz öz ömrümiziň dowamynda baýlygymyzyň ýaryndan gowragyny (soňky maglumatlara görä, bu takmynan 600 million dollar ýa-da 276 milliard tenge) haýyr-sahawat işlerine sarp etmäge wada berýäris. Biziň üstünligimiz köp babatda yhlasyň, bilimiň we ynamyň netijesidir. Ýöne biziňki köp babatda şowlady. Maşgalamyz bize güýç berdi, ýurdumyz mümkinçilik döretdi, jemgyýet bolsa ynam bildirdi. Bularyň hemmesi biziň abadançylygymyzyň binýady boldy. Şonuň üçin hem biz iň mätäç adamlary goldamak arkaly jemgyýete bergimizi yzyna gaýtarmagy öz borjumyz hasaplaýarys» diýip, Rahimbaýew hatynda belleýär. ​ Hatda Rahimbaýewler işiň anyk üç ugruny kesgitlediler: Birinjisi – ýagşylygyň örüsini giňeltmek: global durmuş meselelerini çözmek üçin «Giving Pledge» gatnaşyjylarynyň halkara tejribesini ýerli başlangyçlar bilen birleşdirmek. Ikinjisi – mümkinçilikleri döretmek: «Çagalarymyz üçin edip biljek iň gowy zadymyz –olaryň töweregindäki dünýäni üýtgetmekdir. Miras hökmünde pul däl-de, onlarça we ýüzlerçe ýyllap dowam etjek bilim we mümkinçilikleri miras galdyrmakdyr». Üçünjisi – gol uzatmak medeniýeti: telekeçilik jemgyýetiniň mümkin boldugyça köp wekilini akylly-başly haýyr-sahawat işlerine ruhlandyrmak. Rahimbaýew çagalaryň ýetimler öýüne düşmeginiň öňüni alýan «Ene öýi» ulgamynyň we oba ýerlerinden bolan çagalara ýokary hilli bilim almaga mümkinçilik berýän «IQanat» bilim taslamasynyň baştutanydyr. Bu taslamalaryň ikisi-de 230-dan gowrak telekeçi tarapyndan goldanylýar we Garward biznes mekdebinde mysal hökmünde hem öwrenilýär. Şeýle hem Rahimbaýew BI Group topary bilen bilelikde dünýä derejesindäki lukmanlary çekmek arkaly çagalar üçin ýüzlerçe çylşyrymly operasiýalaryň maliýeleşdirilmegini gurnaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir