OpenAI kompaniýasy 2028-nji ýylda özüniň ilkinji smartfonyny çykarmagy maksat edinýär. Enjamyň esasy aýratynlygy ösen emeli aň agentleriniň ulgama düýpli ornaşdyrylmagy bolar. Analitik Ming-Çi Kuonyň maglumatlaryna görä, enjam MediaTek, Qualcomm we Luxshare ýaly tehnologiýa ägirtleri bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüler. Onuň esasy konsepsiýasy ulanyjynyň wezipelerini doly awtomatlaşdyrmakdan ybaratdyr. Häzirki zaman enjamlaryndan tapawutlylykda, täze smartfondaky emeli aň özbaşdak usulda hereket edip biler. Häzirki enjamlarda ulanyjy programmalary özi işletmeli bolsa, täze ulgam adamyň maksadyna we edýän işlerine esaslanyp, meseläni çözmegiň iň amatly ýoluny özi kesgitlär we zerur hyzmatlarda degişli amallary ýerine ýetirer. Bilermenleriň pikirine görä, bu täzelik mobil enjamlar baradaky düşünjäni düýpgöter üýtgeder. Smartfon eýesiniň niýetine düşüner, şol bir wagtyň özünde köp güýç talap edýän prosesler bulutly emeli aňyň kömegi bilen amala aşyrylar. Enjamyň gutarnykly tehniki häsiýetnamalarynyň 2026-njy ýylyň ahyry bilen 2027-nji ýylyň birinji çärýegi aralygynda tassyklanylmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir