Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde pil ýa-da beýleki hojalyk gurallaryny ulanmak gadagandyr. Gatnaşyjylara titretmeler, sesler we beýleki üýtgeşik usullary ulanyp, gurçuklaryň ýeriň ýüzüne çykmagyny gazanmak üçin 20 minut wagt berilýär. Şol bir wagtyň özünde, jandarlary goramaga gönükdirilen ýörite düzgünler hem berjaý edilýär. Bu festiwal ilkinji gezek 1984-nji ýylda geçirilipdi we wagtyň geçmegi bilen tutuş sebitden gatnaşyjylary we tomaşaçylary özüne çekýän ýerli däbe öwrüldi. Esasy bäsleşikden başga-da, programmanyň içinde sazly çykyşlar, maskaradlar we dürli gyzykly oýunlar bar. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, ýaryş tamamlanandan soň, tutulan ähli gurçuklar sanalýar we ýene yzyna goýberilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir