Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi. Bu çözgüt Hytaý we Demirgazyk Amerika ýaly esasy bazarlarda satuwyň peselmegi hem-de girdejiniň azalmagy sebäpli, kompaniýanyň esasy iş ugruna ünsüni jemlemek zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Elektrowelosipedleri, akkumulýatorlary we programma üpjünçiligini öndürmek bilen meşgullanýan bölümleriň ýapylmagy 500-den gowrak iş ornunyň azalmagyna getirer. Hususan-da, ozal hususy akkumulýatorlary öndürmegi meýilleşdiren Cellforce Group kompaniýasy indi dolulygyna diýen ýaly ylmy-barlag taslamalarynyň hataryna geçirildi. Porsche bolsa akkumulýatorlary daşarky üpjünçilerden satyn almagy göz öňünde tutýar. Şeýle hem, tutuş Volkswagen toparyna hyzmat edýän programma üpjünçiligini işläp düzüji Cetitec kompaniýasy hem ýapylýar. Ýylyň başynda kompaniýanyň ýolbaşçylygyna geçen baş direktor Mihael Leýters bu çäreleri strategik taýdan üýtgedip gurmak üçin mejbury ädim diýip atlandyrdy. Porsche elektrik modelleri işläp düzmekde, şol sanda programma üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleler sebäpli Macan elektrik modeliniň çykarylyşynyň gijikdirilmegi we simsiz zarýad beriş ulgamynyň tehniki aýratynlyklary boýunça çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Satuwlaryň peselmegi (Hytaýda 21%, Ýewropada 18%) sebäpli, öndüriji serişdeleriň bir bölegini içinden ýanýan hereketlendirijili platformalary ösdürmäge gönükdirmek barada çözgüt kabul etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir