Samsung Display kompaniýasyna degişli bolan eMagin firmasy «SID Display Week» sergisinde içine micro-OLED displeýleri gurlan akylly äýnekler üçin linzalaryň prototiplerini görkezdi. Bu äýnegi gözüňize dakanyňda, adaty äýnekdäki ýaly töweregi görüp durýarsyň, ýöne şol bir wagtyň özünde şol aýnanyň ýüzünde arka tarapy görünýän (dury) wideolar we suratlar peýda bolýar. Şeýlelikde bu äýnek bilen hem daş-töweregi synlap, hem onuň aýnasynyň içindäki wideo tomaşa edip bolýar. Bu oýlap tapyşda tolkun geçiriji gurluşy ulanylýar. Micro-OLED displeýler linzalaryň gyralarynda gizlenendir we şekil aýnanyň ýüzüne ýörite oýulyp ýazylan nagyşlar arkaly göze ýetirilýär. Bu bolsa sanly şekiliň hakyky ýagdaýyň üstünde «peýda bolmagyna» mümkinçilik berýär. Sergide taýýar äýnek görkezilmedi. Onuň deregine ýörite gurnawda oturdylan iki sany linza hödürlenildi. Sergä gelenler aýnanyň aňyrsyna seredip, tehnologiýanyň işini amaly ýagdaýda synlap bildiler. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, linzalaryň häsiýetnamasy örän ýokary. Displeýiň ölçegi 0,62 dýuým, durulygy1280×1024 piksel, tizligi 85 Gs çenli täzelenme ýygylygy, ýagtylygy 20 000 kd/m²-den ýokary (bu görkeziji gündizine, açyk howada-da şekiliň dury görünmegini üpjün edýär), reňk öwüşgini DCI-P3 reňk giňişliginiň 99%-ini öz içine alýar. Tanyşdyryş wideosynda bu tehnologiýanyň kömegi bilen YouTube wideolaryna tomaşa etmek, habarlaşmak, şeýle hem töwerekdäki zatlary tanamak we olar barada maglumat almak ýaly mümkinçilikler görkezildi. Tehnologiýa diňe bir adaty ulanyjylar üçin AR we VR enjamlarynda däl, eýsem lukmançylyk, senagat we harby maksatlar üçin hem niýetlenilýär. Häzirki wagtda Samsung Electronics bu tehnologiýany haçan täjirçilik maksatly enjamlara girizjekdigi barada takyk maglumat bermedi. Ýöne bilermenleriň çaklamasyna görä, kompaniýanyň öz akylly äýnekleri billen şu ýylyň ahyryna çenli tanyşdyrmagy örän ähtimal.