Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan Lamborghini Arena çäresini geçirdi. Baýramçylygyň maksatnamasy sant-agata-bolonýeseli brendiň eýelerine, kolleksiýaçylaryna we wepaly janköýerlerine gönükdirilendir. Brendiň resmi ýoly 1963-nji ýylyň 7-nji maýynda, Ferruçço Lamborgini senagat liderleri bilen bäsleşip biljek sport awtoulagyny döretmek kararyna gelende başlady. Eýýäm şol ýylyň güýzünde ilkinji 3,5 litrlik V12 hereketlendirijisi işe girizildi we 350 GTV prototipi bolsa köpçülige görkezildi. Häzirki wagtda Volkswagen toparynyň düzümine girýän brend altmyş ýyl mundan ozal döredilen gymmatlyklaryň esasynda ösmegini dowam etdirýär. Kompaniýanyň baş direktory Stefan Winkelmann 1963-nji ýyldaky garaýşyň Lamborghini kompaniýasynyň ösüşiniň esasy bolup galýandygyny belledi. 63 san brendiň häzirki zaman modelleri üçin esasy nyşana öwrüldi. Mysal üçin, gibrid giperkar Sián FKP 37-niň çäkli 63 sanysy öndürildi. Şeýle san eksklýuziw Aventador SVJ 63 seriýasynda we SC63 ýaryş awtoulagynyň adynda ulanyldy. Hatda reňk palitrasy we Ducati (Diavel we Panigale V4 modelleri) bilen hyzmatdaşlyk 1963-nji ýylyň maý aýyna degişli bolup, brendiň taryhy dowamatyny nygtaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 hour ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir