Daşoguz welaýatynda hem pile möwsümine guramaçylykly girişildi. Möhüm möwsüme taýýarlygyň çäginde welaýatyň etraplaryndaky tohum örüziş merkezleriniň 67-sinde ýüpek önümçiliginiň başlangyç tapgyrynyň işleri göwnejaý geçirildi. Bu merkezleriň iş mümkinçiligi göz öňünde tutulyp, olara gurçuk gutularynyň jemi 13 müň 691-si paýlanyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, welaýat boýunça ýokary hilli piläniň 500 tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Şu ýyl welaýat boýunça pile öndürijileriň 8 müň 700-si bilen degişli şertnamalar baglaşyldy. Welaýatyň çäginde köp ýyllardan bäri pile önümçiliginde göreldeli zähmet çekip, ýokary netije gazanýan tejribeli pileçi kärendeçileriň sany ýylsaýyn artýar. Ýüpek gurçugynyň idedilmegi üçin tut ýapraklary esasy iýmit çeşmesi hasaplanýar. Şonuň üçin welaýat boýunça tut nahallaryny ekmek, olaryň sanyny köpeltmek babatda degişli işler alnyp barylýar diýlip, habarda bellenilýär.