Hytaýyň awtomobil tehnologiýalary we barlaglary merkezi (CATARC) «C-NCAP» usulyýeti boýunça kraş-testleriň (heläkçilik synaglarynyň) täze, has berk maksatnamasynyň ornaşdyryljakdygyny yglan etdi. Bu täze düzgünler ulaglaryň howpsuzlygyna bolan talaplary ep-esli ýokarlandyrar. Täzelenen talaplarda esasy üns elektromobilleriň we täze energiýa çeşmeleri bilen işleýän ulaglaryň barlaglaryny güýçlendirmäge gönükdiriler. Täze standartlaryň iş ýüzünde eýýäm 2026-njy ýylda ornaşdyrylyp başlanmagyna garaşylýar. 2006-njy ýyldan bäri hereket edýän «C-NCAP» usulyýeti geçen ýigrimi ýylyň dowamynda 120 öndürijiniň 600-den gowrak modeliniň synaglaryny öz içine aldy. 2027-nji ýylyň maksatnamasy baha beriş ulgamynyň ewolýusiýasynyň nobatdaky tapgyry bolar we oňa goşmaça çylşyrymly ssenariler giriziler. Hususan-da, awtomobiller ýagyşly we dumanly howa şertlerinde synagdan geçiriler, şeýle-de olaryň birnäçe ulagyň gatnaşmagyndaky çakyşmalarda özlerini alyp barşy barlanar. Möhüm üýtgeşmeler çekiji batareýalaryň ygtybarlylygyna baha bermek meselesine hem degişli bolar: hünärmenler batareýalaryň urga durnuklylygyny we ýangyna garşy durnuklylygyny seljermekde täzeçe çemeleşmelere serederler. Synaglaryň tehniki bölegi has kynlaşar — akkumulýatora gönüden-göni täsir edýän hereketli barýeriň agramy häzirki 1,4 tonnadan 1,55 tonna çenli artdyrylar. Mundan başga-da, tizlik pedalynyň tötänleýin basylmagynyň öňüni alýan ulgamyň hökmany barlagy girizilýär. Täze maksatnamada intellektual kömekçilere aýratyn üns berilýär. Hünärmenler awtomatiki howply durzuş we zolagy saklama ulgamlarynyň barlag toplumyny giňelderler. Munda ulgamlaryň hakyky ýol şertlerinde durnuklylygy we ýalňyş işleme ýygylygy seljeriler. Bellemeli tarapy, bu we beýleki synaglary geçirmek üçin «C-NCAP» Hytaýyň özünde işlenip düzülen manekenleri ulanyp başlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir