Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi diýip, «The Guardian» neşiri habar berýär. Ýüzüş ugry Ord derýasynyň Argaýl kölünden Kununarra şäherine çenli bolan bölegini öz içine aldy. Bu ýerde 5500 sany süýji suw krokodili ýaşaýar, bu bolsa ýüzüşiň her 10 metrinde bir süýreniji bar diýmekdir. Ýaryş başlamazdan ozal türgeniň topary deslapky barlag işlerini geçirdi. Bu oňa bürgütler, skopalar, jübtünler, ýylanboýunlylar, pyşbagalar we iri lakga balyklar bilen çaknyşmazlyga mümkinçilik berdi. Endi Donaldson ýüzüşine irden sagat 05:38-de başlady. Soňra howanyň temperaturasy +34 °C-a çenli ýokarlandy. Şol pursatda ony ugradýan gaýyklar türgene kölege salmaga çalyşdy. Şeýle hem süýji suwda ýüzüjiligi peseldýän duzuň azlygy hem ýagdaýy kynlaşdyrdy. Garaşylmadyk garşylyklaýyn şemal we suwuň akymsyz bölekleri-de ýene bir päsgelçilik boldy. Muňa garamazdan, türgen sagat 17:29-a çenli Kununarradan alty kilometr uzaklykdaky kenara ýetmegi başardy. «Beýle kynçylyklary hiç wagt ýekelikde ýeňip geçip bolmaýar. Suwda elmydama kapitan, kürekçi we tälimçi — derýa ulgamyny gowy bilýän adamlar bar, şonuň üçin sen ygtybarly eldedigiňi bilip, bu kyn bölekleri geçip bilýärsiň» – diýip, türgen belleýär. Pellehananyň golaýynda Donaldsona ýerli ýüzüjiler hem goşuldy. Olar soňky 200 metri bilelikde geçdi. Netijede, türgen aralygy 11 sagat 51 minutda geçip, Simona Bleýzeriň rekordyny täzeledi. Bleýzeriň 2024-nji ýyldaky netijesi 16 sagat 13 minuta deňdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir