Geçirilen täze ylmy barlag totyguşlaryň kesgitli adamlara we haýwanlara ýüzlenmek üçin özboluşly ses signallaryny ulanýandygyny görkezdi. Bu barada Phys.org ylmy portalynda çap edilen makalada aýdylýar. Alymlaryň netijeleri 880-den gowrak öý guşy baradaky maglumatlara esaslanýar. Barlagyň dowamynda «ManyParrots» taslamasynyň çäginde ýygnalan eýeleriniň sowallary, audioýazgylar we wideomateriallar öwrenildi. Guş eýeleriniň tas ýarysy öz guşlary tarapyndan olara ýüzlenmek üçin «atlaryň» ulanylýandygyny bellediler. Wideolaryň seljermesi bolsa, guşlaryň diňe bir umumy kategoriýany aňlatman, eýsem anyk şahsyýetleri biri-birinden tapawutlandyrmaga ukyplydygyny subut etdi. Şeýle-de, totyguşlaryň ünsi çekmek ýa-da aragatnaşygy başlatmak üçin käwagt öz «atlaryny» hem aýdýandyklary anyklandy. Barlagyň awtordaşy Kristin Daliniň sözlerine görä, guşlaryň ulanýan «atlary» adamlaryňky bilen doly meňzeş diýip aýtmak häzirlikçe irdir. «Biz olaryň doly manysyna heniz düşünemzok» diýip, bilermen takyklaşdyrýar. Şol bir wagtyň özünde, ol bu ylmy işiň guşlarda şeýle çylşyrymly aragatnaşyk üçin zerur bolan akyl ukyplarynyň bardygyny subut edendigini tassyklaýar. Alymlar bu netijeleriň haýwanlarda aragatnaşygyň we diliň ösüşine has gowy düşünmäge ýardam etjekdigine ynanýarlar.