“Nensi Greýs Roman” kosmos teleskopy doly ýygnaldy, synagdan geçirildi we uçurmaga taýýar. Bu barada NASA-nyň administratory Jared Aýzekman Goddard adyndaky Kosmos uçuşlary merkezinde geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdi. Apparaty 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda — bellenen möhletden sekiz aý öň — uçurmak meýilleşdirilýär. Teleskop kosmosa Falcon Heavy raketasynda uçurylar we Ýerden takmynan 1,5 million kilometr uzaklykda ýerleşýän Lagranža L2 nokadyna gönükdiriler. Apparat diametri 2,4 metr bolan aýna, ýokary çözgütli kamera we ýyldyzlaryň golaýyndaky obýektleri synlamaga mümkinçilik berýän ýörite enjam - koronograf bilen üpjün edilen. Taslamanyň bahasy 4 milliard dollardan gowrak boldy, şol bir wagtda NASA ony taýýarlamak üçin tassyklanan býujetiň ýetendigini mälim etdi. Teleskop astronom Nensi Greýs Romanyň adyny göterýär. Onuň aýnasynyň diametri “Habblyň” aýnasynyň diametrine deň, ýöne onuň görüş meýdany takmynan 100 esse giň. Bu missiýa azyndan bäş ýyla niýetlenen. Alymlar Älemiň emele gelşini, garaňky materiýanyň we garaňky energiýanyň häsiýetlerini öwrenmegi, şeýle hem mikrolinzalary ulanmak bilen ekzoplanetalary gözlemekligi meýilleşdirýärler.