Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. Hünärmenler bu artefakty El-Huseýniýa etrabynyň Tell-Farun diýen ýerinde tapdy. Heýkeliň aşaky bölegi — aýaklary we binýady ýok. Arheologlaryň maglumatyna görä, onuň agramy 5-den 6 tonna çenli bolup, uzynlygy takmynan 2,2 metre deňdir. «Ol örän erbet ýagdaýda, ýöne galan bölekleri bu heýkeliň triadanyň bir bölegi bolandygyny çaklamaga esas berýär» – diýlip, habarda bellenilýär. Ramses II Gadymy Müsüriň faraony, XIX nesilşalygyň üçünji hökümdarydyr. Ol 25 ýaşynda tagta çykypdyr. Ol b.e. öň 1279–1213-nji ýyllarda hökümdarlyk edipdir diýlip hasaplanýar. Ramses II-niň dolandyran ýyllarynda Gadymy Müsürde giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barlypdyr, köp sanly ybadathanalar, şol sanda Abidosdaky, Fiwadaky we Edfudaky ybadathanalar gurlupdyr. Müsüriň gadymy ýadygärlikleri bölüminiň ýolbaşçysy professor Mohamed Abdel Badi antik döwürlerde bu heýkeliň dini toplumlaryň birinde oturtmak üçin Per-Ramses şäherinden Tell-Faruna getirilendigi baradaky çaklamany öňe sürdi. Hünärmenler heýkeli dikeldiş işlerine taýýarlamak üçin muzeý ammaryna äkitdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir